Lrc Player

65501_Gosgyy-yatlarsyn-meni

Unknown artist
[04:17.54]·Synced by Guest·
This lyric sheet isn't paired with a song yet, so lines are shown but won't sync or seek.

[00:00.62] ..

[00:15.62] Bu gün aýra düşdi durmuş ýolumyz,

[00:20.12] belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni!

[00:23.62] Ýa uly boldumy tutan pälimiz,

[00:27.37] belki, toý gününde ýatlarsyñ meni!

[00:31.12] ..

[00:32.87] Aýralyk derdi bar meniñ başymda,

[00:35.37] ýatsam düýşümde sen, tursam huşumda,

[00:39.62] şeýdip däli boldum juwan ýaşymda,

[00:43.87] belki, gaýgy-gamda ýatlarsyñ meni!

[00:48.12] ..

[00:49.37] Eliñ bilen öz bagtyñy ýatyrdyñ,

[00:52.37] ömürlik ýoldaşyñ baky ýitirdiñ,

[00:55.37] düşünýän, saña-da hasrat getirdim,

[01:00.62] belki, hasratly gün ýatlarsyñ meni!

[01:04.62] ..

[01:06.37] Uzak oturmarsyñ gyzlygyña garap,

[01:09.62] her gün sawçy geler rugsadyñ sorap,

[01:12.87] hossarlaryñ saña bererler azap,

[01:16.37] belki, azaply gün ýatlarsyñ meni!

[01:20.12] ..

[01:21.62] Ahyr bir gün toý sähediñ alynar,

[01:24.62] şondan soñ hem toýuñ güni bellener,

[01:28.37] şol gün…şol gün seniñ gelinalyjyñ geler,

[01:32.87] kürtäñ içindekäñ ýatlarsyñ meni!

[01:37.62] ..

[01:39.37] Toý gutarar, adam galmaz daşyñda,

[01:42.87] bir ýaş ýigit gelip durar gaşyñda,

[01:46.62] gyzyl kürtäñ aýlap urar başyñdan,

[01:50.12] belki, şol pursatda ýatlarsyñ meni!

[01:54.87] ..

[01:55.87] Gyzlyk buýsanjyñy alar eliñden,

[01:58.62] ýapyşar ol seniñ näzik teniñden,

[02:01.87] ol gün isleg-arzuw soralmaz senden,

[02:06.12] belki, gözýaş bilen ýatlarsyñ meni!

[02:10.62] ..

[02:12.62] Dañ atar, gutarar hasratly gije,

[02:16.37] shol günden soñ adyñ bolar gelneje,

[02:19.62] umytly bakarsyñ ýagty geljege,

[02:23.37] belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni!

[02:28.37] ..

[02:29.87] Ýyllar gecher bir-birine meñzemän,

[02:33.12] özge ýar gujakda dökersiñ gözýai,

[02:36.87] süýji arzuw, umyt gaçar senden daş,

[02:41.37] belki, arzuw bilen ýatlarsyñ meni!

[02:46.37] ..

[02:47.12] Ine, shondan soñra, söýgülim, adyñ

[02:50.37] sähelçe zat üçin alynar badyñ,

[02:53.37] ýadyña düşermi ýakan ýigidiñ?

[02:57.87] Belki, gam-hasratda ýatlarsyñ meni!

[03:01.37] ..

[03:02.37] Aý geçer, gün geçer — dogular çaga,

[03:06.12] az-kem ýatdan çykar gaýgy-alada,

[03:09.37] şonda-da käwagt bakarsyñ ýola,

[03:12.87] belki, ýola bakyp ýatlarsyñ meni!

[03:16.87] ..

[03:18.12] Goşgy ýazýar bu gün ýüregi para,

[03:21.87] aýralyk derdine tapylmaz çäre,

[03:25.12] aşyk oglan gözýaş döker biçäre,

[03:29.62] ahmyr-arman bilen ýatlarsyñ meni!

[03:34.12] ..

[03:35.36] Aýdýan bu gün saña aýralyk güni,

[03:39.12] ýadymdan çykarman, söýgülim, seni!

[03:42.87] Diñle, söýgim, meniñ soñky sözümi

[03:47.62] belki, shu goşguda ýatlarsyñ meni!

[03:52.37] ..